Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan Türkmenistanyň raýatlary okuw töleglerini tölemek üçin «Talyp karzyndan» peýdalanyp bilerler. Bu karz gaýtadan dikeldilýän karz görnüşinde berilýär.
«Türkmenistanyň» döwlet täjirçilik banky tarapyndan hödürlenýän karzyň möçberi okuw üçin töleg şertnamasynda ýa-da degişli hasap-fakturada görkezilen mukdarda kesgitlenýär. Karz nagt däl görnüşde, göni okuw töleglerini tölemek üçin niýetlenendir.
Karzyň ýyllyk göterim derejesi 5 göterim bolup, ony üzmek üçin berilýän möhlet 5 ýyla çenli uzaldylyp bilner. Karzy almak üçin üpjünçilik hökmünde girew emlägi ýa-da üçünji tarapyň zamunlygy kabul edilýär.
«Talyp karzyna» ýüz tutmak isleýän talyplar we olaryň ene-atalary zerur resminamalary bankyň resmi internet sahypasynyň üsti bilen onlaýn görnüşde tabşyryp bilerler. Şeýle mümkinçilik talap edilýän resminamalary taýýarlamak we ýüz tutmak işlerini has amatly görnüşde amala aşyrmaga şert döredýär.
Goşmaça maglumat almak üçin 440265 we 440304 telefon belgilerine ýüz tutup bolýar. Bankyň şahamçalarynyň salgylary hem-de aragatnaşyk belgileri bilen resmi internet sahypasynyň üsti bilen tanyşmak mümkin.
Türkmenistan bank
Teswirler