Türkmenistanda senagat önümçiligini ösdürmek we içerki bazary ýerli harytlar bilen üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler täze netijeleri berýär. Mary welaýatynda hereket edýän «Gyrawlysuw» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik toplumynda «LORS» haryt nyşanly dürli görnüşdäki sowadyjy enjamlaryň öndürilmegi hem munuň aýdyň mysallarynyň biridir.
Geçen ýylyň sentýabrynda Mary etrabynda 0,78 gektar meýdany eýeleýän önümçilik binasynyň gurlup, degişli işleriň ýola goýulmagy bilen häzirki wagtda «LORS» haryt nyşanly ýerli sowadyjylaryň birnäçe görnüşi öndürilýär. Önümler söwda nokatlarynda, edara-kärhanalarda hem-de öý hojalyklarynda ulanmak üçin niýetlenendir.
Önümçilikde häzirki zaman tehnologiýalaryndan peýdalanylmagy önümleriň görnüşlerini we hil derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde dürli ölçegdäki hem-de köp görnüşli sowadyjy enjamlaryň öndürilmegi içerki sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.
Kärhananyň önümçilik kuwwatyny ösdürmek bilen bir hatarda, hünärmenleriň taýýarlygyna hem aýratyn üns berilýär. Işgärler daşary ýurtlarda geçirilýän okuw saparlaryna gatnaşyp, önümçilik enjamlary bilen işlemekde we täze tehnologiýalary özleşdirmekde tejribelerini artdyrýarlar. Şeýle çemeleşme öndürilýän harytlaryň hilini ýokarlandyrmaga we önümçilik işleriniň netijeliligini artdyrmaga şert döredýär.
Önümçilikde zerur bolan käbir sowadyjy serişdeleriň hem ýerli şertlerde taýýarlanylmagy importyň ornuny tutýan mümkinçilikleriň giňelýändigini görkezýär. Şeýle hem «LORS» haryt nyşanly önümleriň daşky görnüşine, amatlylygyna we häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegine üns berilýär.
Ýerli sowadyjy enjamlaryň, şol sanda «Gyrawlysuw» hojalyk jemgyýetiniň «LORS» haryt nyşanly önümleriniň önümçiliginiň giňeldilmegi ýurdumyzyň senagat kuwwatynyň artmagyna, içerki bazaryň dürli harytlar bilen üpjünçiliginiň gowulanmagyna we täze iş orunlarynyň döredilmegine goşant goşýar. Kärhanada önümçilik gerimini has-da giňeltmek boýunça işleriň dowam etdirilmegi bolsa bu ugurda täze mümkinçilikleriň döremegine şert döredýär.
Teswirler