Täze suw göteriji beketler suw serişdelerini netijeli peýdalanmaga ýardam berýär

Suw ähli janly-jandarlar üçin ýaşaýşyň esasy çeşmesidir. Türkmen halkynyň durmuşynda hem suw gadyr-gymmaty, bereketi we mukaddesligi bilen aýratyn orun eýeleýär. «Suwly ýer – gül, suwsuz ýer – çöl» ýaly nakyllar halkymyzyň suwa bolan sarpasyny we ony aýawly peýdalanmak däbini aýdyň görkezýär.

Türkmenistanyň tebigy şertlerinde, aýratyn-da çöl zolaklarynda suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak örän möhümdir. Bu ýagdaý oba hojalygynda has aýdyň duýulýar. Ekerançylygyň netijeliligi ýerleriň suwarmagyna, suwaryş ulgamlarynyň kämilligine we suw serişdeleriniň rejeli dolandyrylmagyna baglydyr.

Şu maksat bilen ýurdumyzda suw hojalygyny ösdürmek boýunça möhüm işler alnyp barylýar. Suw akymyny sazlaýjy desgalar, howdanlar, suw sorujy we elektrik beketleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Täze suwaryş ulgamlarynyň döredilmegi oba hojalyk ekinlerini suw bilen ygtybarly üpjün etmäge hem-de suw serişdelerini netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda işe girizilen 21-nji we 22-nji suw göteriji beketler hem bu ugurdaky möhüm taslamalaryň biridir. Garagum derýasynyň 828-nji kilometriniň sag kenarynda ýerleşýän 21-nji beketde jemi 8 sany suw göteriji enjam oturdylyp, onuň suw çykaryjylygy sekuntda 6,5 kub metrdir. Bu desga 6 müň 198 gektar meýdany suwarmaga mümkinçilik berýär. Bekede täze suw geçiriji turbalar we beton akabalar çekildi.

22-nji suw göteriji bekede bolsa 10 sany suw göteriji enjam oturdylyp, onuň suw çykaryjylygy sekuntda 4,8 kub metrdir. Bu beket 5 müň 480,6 gektar meýdany suwarmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu ýerde täze suw geçiriji turbalar we beton akabalar guruldy.

Täze desgalaryň dolandyrylyşynda sanly ulgamlaryň ulanylmagy hem aýratyn ähmiýete eýedir. Bu usul suw göteriji enjamlaryň we suw sazlaýjy desgalaryň işine netijeli gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda howanyň üýtgemegi we suw serişdelerine bolan islegiň artmagy sebäpli suwy tygşytly peýdalanmak has-da möhüm bolup durýar. Şonuň üçin suw hojalygyny döwrebaplaşdyrmak diňe oba hojalygy üçin däl, eýsem geljekki nesiller üçin suw serişdelerini gorap saklamak babatda hem uly ähmiýete eýedir.

Suwy aýawly saklamak, ony hapalamazlyk we isrip etmezlik her birimiziň borjumyzdyr. Çünki suwy goramak – ýaşaýşy, berekedi we geljegi goramakdyr.

Gülsenem Gurbanowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok