Büzmeýin etrabynda ýyladyş ulgamlarynyň barlagy geçirilýär

Büzmeýin etrabynyň çägindäki ýyladyş ulgamlaryny täze ýyladyş möwsümine taýýarlamak boýunça barlag işleri geçirilýär.

Büzmeýin etrap häkimliginiň ýaşaýjylara ýüzlenmesinde bellenilişine görä, 2026-njy ýylyň 22-nji awgustynda ýyladyş ulgamlaryna suw goýberiler. Bu çäre ulgamlaryň kadaly işleýşini barlamak we bar bolan näsazlyklary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýaşaýjylardan öýlerindäki ýyladyş ulgamlaryna, şol sanda batareýalara gözegçilik etmekleri hem-de görkezilen senede öýde bolmaklary haýyş edilýär.

Büzmeýin etrap häkimligi zerur bolan ýagdaýynda ýaşaýjylaryň gatnaşmagynyň ýyladyş ulgamlarynyň barlag işlerini netijeli geçirmek üçin möhümdigini belleýär.

Goşmaça maglumat üçin: 33-45-86.

Büzmeýin etrap häkimliginiň resmi web sahypasy: buzmeyin.gov.tm

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok