Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem-de paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Gurban baýramy giňden bellenilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny ynsanperwerligiň, ruhybelentligiň, dostlugyň we parahatçylyk söýüjiligiň ýörelgelerini berkitmäge hyzmat edýän, türkmen halkynyň ahlak we medeni gymmatlyklaryny, şeýle hem jemgyýetde agzybirligi, özara hormat goýmagy we ruhy bitewüligi özünde jemleýän Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
“Mukaddes Gurban baýramynyň geçirilýän günlerinde berjek gurbanlyk sadakalaryňyz, merdana halkymyzyň agzybirligi, abadançylygy, Garaşsyz Watanymyzyň berkararlygy hem-de rowaçlygy üçin etjek doga-dilegleriňiz, ýagşy umyt-arzuwlaryňyz Gudraty Güýçli Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!” diýip, Döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Gurban baýramynyň geçirilýän günlerinde ýurduň ähli künjeginde aýdym-sazly dabaralar we medeni çäreler geçirilýär. Her bir maşgala ojagynda Gurban baýramy mynasybetli sadaka berilýär we ýurduň parahatçylygy, abadançylygy hem-de rowaçlygy üçin doga-dilegler edilýär.
Teswirler