Ahalteke bedewi — milli buýsanjyň we beýik ösüşleriň nyşany

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň we hemişelik Bitaraplygynyň şanly taryhy ýolunda, bedew atlar diňe bir milli baýlygymyz däl, eýsem ösüşiň we maksada okgunlylygyň belent nyşanyna öwrüldi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz Türkmenistan dünýäde iň çalt depginler bilen ösýän döwletleriň birine öwrüldi. Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan taryhyndan gelýän bir hakykat bar: “Irden turup ataňy gör, ataňdan soň – atyňy”. Bu jümle türkmen halkynyň kalbynda bedewe bolan sarpanyň neneňsi belentdigini görkezýär. Şu günki gün bolsa, şol uçar ganatly bedewlerimiziň batly gadamlary Garaşsyz baky Bitarap döwletimiziň ösüşleriniň täze keşbine öwrüldi.

Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan iň uly genji – hazynalarynyň biridir. Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde hem janly keşp bolup orun alan ýyndam bedewimiz, biziň azatlygymyzyň we erkinligimiziň nyşanydyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ahalteke bedewleriň şan – şöhraty täze belentliklere galdyryldy. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bu asylly mirasa goýulýan sarpanyň we hormatyň nyşanydyr.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy we welaýatlardaky döwrebap atçylyk toplumlary bedewlerimiziň seýislenmegi we olaryň dünýä derejesindäki ýaryşlara taýýarlanmagy üçin ähli şertleri döredilýär.

“Bedew batly” diýen jümle häzirki wagtda türkmen ykdysatyýetiniň, medeniýetiniň, we diplomatik gatnaşyklarynyň häsiýetnamasyna öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwrebap “akylly şäherler” gurulýar, halkara ulag – logistika geçelgeleri açylýar, sanly ulgam durmuşyň ähli ugurlaryna ornaşdyrylýar. Bitaraplyk syýasatymyz bolsa parahatçylygyň we dostlugyň kepili hökmünde, bedewiň asyllylygy ýaly bütin dünýä nusgalykdyr.

Türkmenistanyň her bir güni uly zähmet ýeňişlerine, toý baýramlaryna beslenýär. Bedew atyň üstünde gazanylýan ýeňişler ýaly, döwletimiz hem halkara giňişliginde belent sepgitleri eýeleýär. Türkmen halky özüniň at myradyna ýetdi, biz parahat, abadan we erkana ýurtda ýaşaýarys.

 “At – türkmeniň ganaty” diýlişi ýaly, Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan özüniň polat bilekli, uçgur ganatly bedewleri bilen geljege – täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar.

Aýgül PENJIÝEWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň 
Dil öwreniş bölüminiň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok