2026-njy ýylyň 5-nji maýynda Ýerewan şäherinde «Yerevan Dialogue 2026» atly halkara forum öz işine başlady. Bu çärä Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.
Forumda Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen birlikde Ýewropa ýurtlarynyň köpüsinden ýokary derejeli wekiller hem gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy çykyşynda ýurduň energetika pudagynda giň möçberli döwrebaplaşdyryş işleriniň alnyp barylýandygyny nygtady. Energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we zyňyndylary azaltmak arkaly pudagyň ösüşiniň üpjün edilýändigi bellenildi.
Şeýle hem ykdysady durnuklylygy saklamak bilen birlikde, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylyşyny giňeltmäge aýratyn üns berilýär. Türkmenistanda “ýaşyl” energetika geçişini üpjün etmek üçin zerur şertleriň döredilýändigi aýdyldy.
Energetika pudagynyň ekologik taýdan ösdürilmegi energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, zähmet bazaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de sebitleriň deň derejede ösüşine ýardam edýär. Şeýle hem ilatyň üznüksiz energiýa üpjünçiligi, täze hünärmenleriň taýýarlanylmagy we maýa goýumlarynyň netijeleriniň giň jemgyýet üçin elýeterli bolmagy esasy ugurlar hökmünde görkezildi.
Çykyşda halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn bellenilip, BMG we halkara maliýe guramalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijeliligi nygtaldy.
Forum häzirki wagtda dowam edýär.
Teswirler