2026-njy ýyl Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at myradyň mekany ýylynda — Türkmenistanda belent maksatlara we uly ösüşlere beslenýän ýylda, milli medeniýetimiz we sungatymyz hem täze zehinler bilen baýlaşmagyny dowam edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň mysalynda aýdyň görünýär. Ýakynda bu mukaddes sungat ojagynda “Kompozisiýa” hünäriniň II ýyl talyby Aýläle Gulmuradowanyň awtorluk konserti geçirildi.
Konsertiň başynda “Kompozisiýa we Gurallama” kafedrasynyň müdiri, kompozitor Kerimguly Garowowa uly hormat bilen söz berildi. Konsertiň meýilnamasy mazmun taýdan örän baý bolup, ol nusgawy şahyrlarymyzyň pelsepewi garaýyşlary bilen häzirki zaman kompozitorçylyk ukybynyň ajaýyp sazlaşygyny görkezdi. Gözbaşyny Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasyndan alýan “Ili gözlär” aýdymy Wepa Allaşowyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren owazlary, awtoryň özi tarapyndan sazandarlyk edildi hem-de türk dilinde terjime edilen “Muhtaç eýleme” aýdymy Läle Arazdurdyýewanyň ýerine ýetirmeginde Laçyn Ataýewanyň sazandarlyk etmeginde diňleýjilere ýetirildi bu eser ýaş kompozitoryň halkymyzyň ruhy mirasyna bolan çuňňur hormatyny aýdyň görkezdi. Konsertda Jennet Meredowanyň sözlerine düzülen “Ejem eken…” atly aýdym aýratyn orun aldy. Selbinýaz Ataýewanyň belent owazynda ýaňlanan bu eser, her bir ynsanyň mukaddeslik saýýan enä bolan çäksiz söýgisiniň sazlaşykly beýanyna öwrüldi. Şeýle-de, Gara Seýitliýewiň sözlerine düzülen “Şahyrym” atly aýdymy Aşgabat şäheriniň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň uçurymy Näzli Pirkulyýewanyň ussatlyk bilen ýerine ýetirdi , Gurbannazar Ezizowyň kalplary joşdurýan “Çeşmäm” aýdymy Ýusup Ataýewyň ýerine ýetirmeginde Abadan Meredowanyň sazandarlyk etmeginde diňleýjilere ýetirildi türkmen poeziýasynyň saz bilen neneňsi nepis bezegine öwrülip bilýändigini subut etdi. Aýläle Gulmuradowa diňe bir aýdym ýazmak bilen çäklenmän, eýsem fortepiano üçin ýazan çylşyrymly eserleri bilen hem özüniň hünär ussatlygyny görkezdi. 6 sany miniatýuradan ybarat fortepiano üçin toplumy Täzegül Jumaýewanyň ussatlygynda ýaňlanyp, gysga emma manyly saz pursatlaryny döretdi. Güljan Öwezowanyň ýerine ýetirmeginde Tema we onuň wariasiýalary klassyky formanyň döwrebap öwüşginlerini diňleýjilere ýetirdi. Bu eserler ýaş kompozitoryň saz gurallarynyň dilini gowy bilýändigini we çylşyrymly kompozitorçylyk tärlerini başarjaňlyk bilen ulanýandygyny görkezýär. Konsertde Aşgabat şäheriniň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň uçurymy Näzli Pirkulyýewanyň çykyş etmegi, sungatda nesilleriň dowamatlylygynyň üpjün edilýändiginiň nyşanydyr. Begenç Amaşowyň sözlerine düzülen “Ýazym şeýle owadan” aýdymy ýaş ýerine ýetirijiniň hem-de awtoryň joşgunly ylhamynyň dabaralanmasy boldy. Konsertiň dowamynda ýaş kompozitoryň halypasy Türkmenistanyň halk artisti ussat kompozitor Daňatar Hydyrowa söz berildi. Awtorluk konsertiniň soňunda Osman Aşyrowyň sözlerine düzülen “Watanym” atly alkyşnama boldy. Wepa Allaşowyň we Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor toparynyň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan bu eser, eziz Diýarymyza bolan buýsanjyň, agzybirligiň we asuda durmuşymyzyň waspyna öwrüldi. Aýläle Gulmuradowanyň bu awtorluk konserti onuň geljekde türkmen saz sungatynda uly yz goýjak zehinli kompozitordygyny görkezdi.
Konsertiň soňunda milli medeniýetimiziň we saz sungatymyzyň ösmegine, pederlerimizden miras galan gymmatly mirasymyzyň ylmy esasda öwrenilmegine we dünýä ýaýylmagyna giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur minnetdarlygymy bildirýäris Halkymyzyň ruhy baýlygy bolan saz sungatymyzy täze belentliklere göterýän ylym-bilim işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döredip berýän döwlet Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Gülnar ATAÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň II ýyl talyby.
Teswirler