Milli terbiýe asyrlaryň dowamynda kämilleşip, gadymy Oguzhan döwründen bäri türkmen halkynyň ruhy mirasy bilen berk baglanyşykda ösdürilip gelýär. Häzirki döwürde ýaş nesillere milli terbiýe bermek olaryň medeni gymmatlyklarymyza we ene dilimize hormat goýmagyna uly täsir edýär.
Ýaşlaryň edepli, adamkärçilikli, zähmetsöýer we jemgyýet üçin peýdaly şahsyýet bolup ýetişmegi ýurdumyzyň ösüşi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Halk pähimleri hem terbiýäniň esasy çeşmesiniň görelde bolandygyny görkezýär. Ata-babalarymyzyň tejribesi boýunça, ýaşlara iň täsirli tälim görelde arkaly berilýär we bu ýörelgeler nesilden-nesle geçirilip, olaryň ahlak taýdan ösüşine hyzmat edýär.
Terbiýäniň möhüm ugurlarynyň biri hem medeniýetli sözleýişdir. Halk döredijiligi, nakyllar we rowaýatlar arkaly ýaşlaryň söz baýlygy ösdürilipdir. Sebäbi adamyň sözleýşi onuň medeniýetini we şahsyýetini görkezýär. Ene dili diňe aragatnaşyk serişdesi däl-de, eýsem, ahlak taýdan terbiýäniň möhüm bölegi bolup durýar. Çagalykdan ene diline söýgi döretmek ýaşlaryň doly şahsyýet bolup kemala gelmeginde möhüm orun eýeleýär.
Taryhda akyldarlar hem söz medeniýetine uly ähmiýet beripdirler. Paýhasly sözleri diňlemek we olary durmuşda ulanmak ynsanyň ruhy taýdan kämilleşmegine ýardam edýär. Şonuň üçin hem halk arasynda paýhasly sözleriň gymmatyny görkezýän köp sanly nakyllar döredilipdir.
Hallybibi AMANTAEWA,
Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy etrabynyň
4-nji Çagalar bakja bagynyň
terbiýeçi-usulyýetçisi.
Teswirler