Dogry terbiýe – bagtly nesil

Häzirki döwürde maşgala terbiýesinde agzalaryň özara gatnaşyklary aýratyn ähmiýete eýedir. Maşgalany dolandyrmagyň iki esasy usuly bar: awtoritar we demokratik. Olaryň her biri aýratyn häsiýetleri bilen tapawutlanýar.

Awtoritar usulda ene-atalaryň berk gözegçiligi we buýrugy öňe çykýar. Şeýle maşgalalarda çagalar köplenç öz pikirini aýdyp bilmän, ähli zada boýun bolmaga mejbur bolýar. Netijede, maşgalada ýyly gatnaşyklar peselýär. Ene-atalar çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny köplenç nazara almaýarlar. Şeýle şertlerde terbiýelenen çagalar tertipli bolup ulalsa-da, olaryň ruhy ýagdaýyna zeper ýetip biler. Olar köplenç jezadan gaçmak üçin ähli zat bilen ylalaşýarlar we wagtyň geçmegi bilen özbaşdaklyk, ugurtapyjylyk ýaly häsiýetleri gowşap biler. Psihologlaryň bellemegine görä, şeýle terbiýe alan ýetginjekler soňra maşgaladan daşlaşmaga ýykgyn edýärler.

Demokratik usulda bolsa ähli maşgala agzalarynyň pikirine hormat goýulýar we olar bilelikde karar kabul edýärler. Şeýle maşgalalarda söýgi we hormat aç-açan duýulýar. Çagalar ir ýaşdan maşgalanyň işlerine gatnaşýarlar. Olaryň şahsyýetine hormat goýulmagy, eden işleriniň goldanylmagy ösüşine oňyn täsir edýär. Şeýle terbiýe alan çagalar işeňňir, düşünjeli we tertipli bolup ýetişýärler. Bu usulda temmi bermekden has köp düşündirmek we goldamak ileri tutulýar, şol bir wagtyň özünde ulularyň abraýy hem ýokary derejede saklanýar.

Hallybibi AMANTAEWA,

Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy etrabynyň
4-nji Çagalar bakja bagynyň
terbiýeçi-usulyýetçisi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok