Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, mukaddes Watanymyzyň her bir güni taryhy öwrülişiklere we ruhy galkynyşlara beslenýär. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — Bedew batly at myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň asyrlar boýy kemala getiren milli gymmatlyklaryna bolan belent sarpasynyň we geljege bolan okgunly ynamynyň aýdyň beýanydyr. Bu şygar özünde türkmen döwletliliginiň sarsmaz sütünleri bolan Garaşsyzlygy we hemişelik Bitaraplygy jemlemek bilen, halkymyzyň iň ýakyn hemrasy, wepalylygyň we döredijilikli zähmetiň nusgasy bolan ahalteke bedewlerimiziň batly gadamlaryny dabaralandyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde amala aşyrylýan gurluşyk-abatlaýyş işleri, durmuş-ykdysady özgertmeler we halkara derejesindäki başlangyçlar hut bedew batly ösüşleriň netijesidir. «At myradyň mekany» diýen jümle bolsa, ata-babalarymyzyň arzuw eden azat we abadan durmuşynyň şu günki gün amala aşandygyny, her bir raýatyň myrat-maksadyna ýetýän ýurduna öwrülendigimizi alamatlandyrýar.
Türkmenistanyň halkara giňişliginde parahatçylygyň we dostlugyň merkezi hökmünde ykrar edilmegi, biziň Bitaraplyk derejämiziň dünýä durnuklylygyna goşýan goşandydyr. Bedew batly ösüşlerimiz diňe bir ykdysady görkezijilerde däl, eýsem ylym-bilim, medeniýet we sport ulgamlarynda hem özüni görkezýär. Täze taryhy eýýamda ýaşlarymyzyň dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalaryna eýe bolmagy, halkara ylmy žurnallarynda we sport bäsleşiklerinde baýrakly orunlara eýe bolmagy Watanymyzyň kuwwatyny has-da dabaralandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna hyzmat edýär. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň we beýleki welaýatlarymyzyň keşbi bedew batly gadamlar bilen günden-güne özgerip, dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin amatly mekanyna öwrülýär. Milli mirasymyzyň altyn täji bolan bedew atlarymyzyň şan-şöhraty bolsa, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna täze öwüşginler goşýar.
Şeýle ajaýyp zamanany, bedew batly ösüşlere beslenen nurana geljegi we parahat asmany bize peşgeş beren, türkmen bedewiniň we milli gymmatlyklarymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Milli Liderimiz, Türkmen halkynyň Gahryman Arkadagyna çuňňur minnetdarlygymyzy bildirýäris hem-de olara tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys. Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Gülçynar ÇARYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara Nebit we Gaz uniwersitetiniň
Geologiýa fakultetiniň talyby.
Teswirler