Düýn Arkadag şäherinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň 5 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Baýramçylyk dabarasynda Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okalyp, çagalaryň saglygyny goramak we olaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi nygtaldy.
Çäräniň dowamynda halkara guramalaryň wekillerine “Arkadag” medaly gowşuryldy. Olaryň hatarynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekili Narine Saakýan hem-de ÝUNISEF-iň wekili Jalpa Ratna bar.
Dabarada çykyş edenler gaznanyň 5 ýylyň dowamynda çagalaryň saglygyny goramak, bejeriş hyzmatlaryny üpjün etmek we ynsanperwer ýörelgeleri ösdürmek boýunça möhüm işleri alyp barandygyny bellediler. Gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa çykyşynda bu düzümiň raýdaşlygy we ynsanperwerligi ösdürmekde uly ähmiýete eýedigini nygtady.
Dabara medeni çykyşlar we baýramçylyk konserti bilen dowam edip, onuň ahyrynda gatnaşyjylar döwlet Baştutanynyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Abdulwekil BEKMÄMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.
Teswirler