21-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy uly ruhubelentlik bilen geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýazky bag ekiş möwsümine dabaraly badalga berlip, paýtagtymyzyň günorta künjeginde giň gerimli ekologiýa çäresi ýaýbaňlandyryldy. Bu asylly çärä S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary hem işjeň gatnaşyp, döwlet Baştutanymyzyň bag nahalyny oturdyp beren ak patasyndan ruhlandylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýörite kabul edilen Karara laýyklykda, 2026-njy ýylda jemi 3 million düýp nahal ekmek meýilleşdirilýär. Bu işleriň çäklerinde ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri tarapyndan 1,5 million düýp, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan bolsa ýene-de 1,5 million düýp bag nahallarynyň ekilmegi üpjün ediler.
Döwlet ähmiýetli bu giň gerimli maksatnamanyň çäklerinde ekilýän bag nahallarynyň döwrebap usullarda suwarylmagyna we olara ylmy esasda ideg edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Hususan-da, damjalaýyn suwaryş ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy we baglara degişli derejede ideg edilmegi boýunça degişli çäreler görülýär. Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan ähli edara-kärhanalaryň ýeterlik mukdarda bag we üzüm nahallary bilen üpjün edilmegi hem-de olaryň ekilişi we ösdürilişi boýunça yzygiderli gözegçiligiň alnyp barylmagy üpjün edilýär.
Umuman, ählihalk bag ekmek dabarasy ýurdumyzyň ekologik abadançylygyny ýokarlandyrmaga, daşky gurşawy goramaga hem-de geljek nesiller üçin ýaşyl gurşawy döretmäge gönükdirilen möhüm çäreleriň biridir. Bu ugurda alnyp barylýan işler Türkmenistanyň bagy-bossanlyga öwrülmegine, onuň tebigy baýlyklarynyň artmagyna hem-de ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna uly goşant goşýar.
Maýa ALLAMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Dokma önümçiligi fakultetiniň
4-nji ýyl talyby.
Teswirler