Halkara forumda oba hojalygynda innowasiýalar we hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

23–24-nji mart aralygynda Daşkent şäherinde Italiýanyň, Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Azerbaýjanyň gatnaşmagynda «Durnukly agroekoulgamlar üçin innowasiýalar, regeneratiw oba hojalygy, eksport we sanlylaşdyrma» atly halkara işewürlik forumy geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşyp, oňa ýurdumyzyň oba hojalyk ministriniň orunbasary Berkeli Berkeliýew ýolbaşçylyk etdi.

Forumyň ilkinji gününde Italiýadan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan we Türkmenistandan gelen ýokary derejeli wekiller çykyş etdiler. Olaryň hatarynda Italiýanyň oba hojalygy, azyk özygtyýarlylygy we tokaý hojalygy ministri Françesko Lollobridjida, şeýle-de beýleki ýurtlaryň degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary bar.

Çykyşlarda oba hojalygyna täzeçil tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň, ýer hem-de suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagynyň, şeýle hem howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak üçin täze çözgütleriň taýýarlanmagynyň häzirki döwrüň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi.

Şeýle-de, durnukly agroekosistemalary ösdürmek we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin sebit we halkara derejesinde hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, maýa goýumlaryny artdyrmak hem-de öňdebaryjy tejribe bilen tehnologiýalaryň alyş-çalşygyny giňeltmek zerurdygy aýratyn nygtaldy.

Forumyň jemleri boýunça «Italiýa — Merkezi Aziýa (C5) + Azerbaýjan» görnüşindäki halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde kommýunike kabul edildi. Bu resminama laýyklykda, taraplar oba hojalygy we azyk pudagynda hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga gönükdirilen möhüm ylalaşyklara geldiler.

Ejegül ALYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Dokma önümçiligi fakultetiniň
4-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok