Milli bahar baýramy ählihalk bag ekmek dabarasy bilen utgaşdy

Milli bahar baýramy, Halkara Nowruz güni mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde giň gerimli ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Bu asylly çäre diňe bir baýramçylyk ruhuny beýgeltmek bilen çäklenmän, eýsem daşky gurşawy goramak we ekologiýa medeniýetini ösdürmek ugrunda möhüm ädim hökmünde çykyş etdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny giňeltmek hem-de ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2026-njy ýylda bag ekmek baradaky degişli Karara gol çekilip, onuň esasynda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi. Bu çözgüt ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde möhüm ädim hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir.

Bag ekmek dabarasy häzirki döwürde howanyň arassalygyny üpjün etmekde, tebigy deňagramlylygy saklamakda we ýaşyl zolaklaryň giňeldilmeginde möhüm orun tutýar. Ekilen her bir nahal diňe bir häzirki gün üçin däl, eýsem geljek nesiller üçin arassa gurşawy üpjün etmäge gönükdirilen gymmatly goşantdyr. Bu bolsa jemgyýetde ekologiýa jogapkärçiliginiň ýokarlanýandygyny görkezýär.

Baýramçylyk gününde müňlerçe raýatlaryň gatnaşmagynda geçirilen bu çäre jemgyýetçilik bitewiliginiň we tebigata bolan söýginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Dürli ýaşdaky adamlaryň, hususan-da talyp ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy ekologik terbiýäniň güýçlenýändigini tassyklaýar.

Gülçemen Öwemyradowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby
.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok