Şu gün Türkmenistanyň täze taryhynda möhüm seneleriň biri bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişmeginiň 4 ýyllygy bellenilýär. Mundan edil 4 ýyl ozal, ýagny 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen möhletinden öň Prezident saýlawlary ýurduň demokratik ösüşinde täze sahypany açdy.
Saýlawlara halkymyz örän ýokary işjeňlik bilen gatnaşyp, saýlawçylaryň umumy sanynyň 97,17 göterimi ses bermäge geldi. Bu görkeziji türkmen halkynyň öz geljegine bolan jogapkärçiligini we bitewüligini ýene-de bir gezek subut etdi.
Saýlawlaryň netijesinde dalaşgär Serdar Berdimuhamedow saýlawçylaryň sesleriniň 72,97 göterimini alyp, ynamly ýeňiş gazandy we halkyň uly goldawyna eýe boldy. 2022-nji ýylyň 19-njy martynda paýtagtymyzda geçirilen dabaraly wezipä girişmek dabarasyndan soň, ýurdumyzda “Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelge esasynda täze özgertmeler tapgyry başlandy.
Geçen 4 ýylyň içinde Arkadag şäheriniň gurlup ulanmaga berilmegi, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy we halkara gatnaşyklaryň täze derejä çykarylmagy döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan parasatly syýasatynyň aýdyň netijeleridir. Bu döwür Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň, abadançylygynyň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berk binýadyny goýan taryhy ýyllar hökmünde ykrar edildi.
Teswirler