8-nji martdaky dynç güni 9-njy marta geçirildi!

Halkara zenanlar gününiň ýurdumyzda dabaraly bellenilip geçilmegini üpjün etmek hem-de raýatlaryň baýramçylyk günlerinde oňat dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, 2026-njy ýylyň 8-nji martyndaky dynç güni 9-njy marta — duşenbe gününe geçirildi. Bu Kararyň ýerine ýetirilmegi eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ýurdumyzyň ähli edara-kärhanalary we guramalary üçin hökmanydyr.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok