8-nji mart — Halkara zenanlar güni!

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda dürli baýramçylyklar we şanly wakalar giňden bellenilýär. Şolaryň hatarynda Halkara zenanlar güni hem aýratyn ähmiýete eýe bolup, ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna we enelerine hormat goýulýan baýramlaryň biridir. Bu sene mynasybetli ýurdumyzda dabaraly çäreler geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Permany esasynda zenanlara pul sowgatlarynyň berilmegi, köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly adyň dakylmagy hem-de täze ýaşaýyş jaýlarynyň gowşurylmagy zenanlara görkezilýän belent sarpanyň aýdyň beýanydyr.

Zenanlar milli mirasymyzy gorap saklamakda hem-de ony geljek nesillere ýetirmekde möhüm orun eýeleýärler. Halk döredijiliginde, dessanlarda, rowaýatlarda we aýdymlarda zenan mukaddes keşp hökmünde wasp edilýär. Asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz zenan mertebesini belent tutup, olara hormat goýmagy mukaddes däbe öwrüpdirler. Ene maşgalanyň ýyly ojagy bolup, jemgyýetiň ruhy we ahlak sütünleriniň biridir. Şonuň üçin ene mukaddeslik hökmünde Watan we toprak bilen deňeşdirilýär.

Türkmenistanyň taryhynda Rodoguna, Zarina, Tumar şa, Merjen hatyn, Altynjan hatyn ýaly meşhur zenanlar ýaşap, öz döwründe beýik işler bilen taryhda öçmejek yz galdyrypdyrlar. Şeýle hem türkmen zenanlarynyň döredijilikli zähmeti netijesinde halyçylyk we keşdeçilik ýaly milli sungat görnüşleri häzirki döwrümize çenli ýetirilipdir.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Halkara zenanlar güni täze mazmun bilen baýlaşdyryldy. Köp çagaly maşgalalara döwlet tarapyndan giň goldaw berilýär. Her ýyl “Ene mähri” hormatly adyna mynasyp bolan eneler sarpalanýar, täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşurylýar we ähli zenanlara pul sowgatlary berilýär. Bu ýagdaý ýurdumyzda zenanlara goýulýan belent hormatyň aýdyň beýany bolup durýar.

Aknur JANGELDIÝEWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
Pedagogika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok