Näme sebäpde zenanlar güni baharda bellenilýär?

Tebigatyň gyş ukysyndan oýanyp, ak garyň aşagyndan ilkinji bägülleriň baş göterýän döwri bahar pasly gelýär. Edil şol pursatda hem biz iň ajaýyp baýramlaryň birini, Halkara zenanlar gününi belleýäris. Ýöne siz hiç oýlanyp gördüňizmi: näme üçin bu baýram hut bahar paslyna gabat gelýär?

Bahar bu täze durmuşyň, täze başlangyçlaryň pasly. Gyşyň sowlup, mähirli günüň şöhlesi bilen ýeriň ýylanyşy ýaly, zenan mähri hem ynsan kalbyny ýylatmagy başarýar. Zenan diňe bir maşgalanyň bezegi däl, eýsem ol durmuşyň bezegidir. Edil bahar paslynyň ýeri janlandyryp, tebigaty gül-gunçalar bilen bezeýşi ýaly, zenanlar hem baran ýerine bereket, mähir we durmuş goşýarlar.

Eger jemgyýeti uly bir baga meňzetsek, zenanlar şol bagyň iň owadan gülleridir. Enelerimiziň mähri, uýalarymyzyň we gelin-gyzlarymyzyň paýhasy biziň durmuşymyzyň bir bölegidir. 8-nji mart baýramynyň baharda bellenilmegi, zenanyň tebigat bilen nähili sazlaşyklydygynyň subutnamasydyr. Olar bahar paslynyň uly sowgady, durmuşyň bezegidir.

Aýjeren Ballyýewa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok