Türkmenistanyň raýatlary Hytaýyň hökümet talyp haky maksatnamalary boýunça okuwa ýüz tutup bilerler. Bu barada Hytaýyň Türkmenistandaky Ilçihanasy habar berýär.
Sinzsýan mugallymçylyk uniwersiteti (Xinjiang Normal University) Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň, şol sanda Türkmenistanyň talyplary üçin Hytaý Halk Respublikasynyň döwlet talyp haky maksatnamalaryna kabul etmegiň ýörite düzgünlerini çap etdi.
Bu uniwersitet Hytaýyň Sinzsýan-Uýgur awtonom raýonynyň esasy mugallymçylyk ýokary okuw mekdebidir. Onuň düzüminde 18 sany fakultet we 13 sany ylmy-barlag instituty bolup, bakalawr, magistratura we doktorantura maksatnamalary amala aşyrylýar. Jemi 11 ylmy ugry öz içine alýan 72 sany bakalawr maksatnamasy hödürlenýär.
Talyp haky nämeleri öz içine alýar?
Hytaýyň hökümet talyp haky şulary doly üpjün edýär:
- Registrasiýa (hasaba alyş) tölegi;
- Okuw tölegi;
- Ýaşajak ýeri (umumy ýaşaýyş jaýy);
- Lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy;
- Gündelik ýaşaýyş harajatlary (aýlyk stipendiýa).
Onlaýn hasaba alyş 15-nji marta çenli dowam eder.
Ilçihana türkmenistanly talyplary bu mümkinçilikden peýdalanyp, sebitiň öňdebaryjy mugallymçylyk uniwersitetleriniň birinde bilim almaga işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Kabul ediş düzgünleri barada jikme-jik maglumat uniwersitetiň resmi saýtynda ýerleşdirildi: https://gjjl.xjnu.edu.cn/info/1030/5543.htm
Ýeri gelende belläp geçsek, gerekli resminamalary terjime etdirmek üçin AtaMekan Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz!
📍 Salgysy: Aşgabat şäheri, N.Andalyp köçesi 182.
📞 Habarlaşmak üçin: +993 61 517100.
📩 E-poçta: atamekanterjime@gmail.com
Teswirler