Demokratik gymmatlyklar we döwrebap ösüşler

Ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren ynsanperwerlik, adalatlylyk, halk häkimiýetliligi we agzybirlik ýörelgeleri bu günki gün Türkmenistanyň saýlawly demokratiýasynyň berk binýadyny düzýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şu nukdaýnazardan, mart aýynyň 29-na bellenen täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna, şeýle-de ygtyýarlyk möhleti tamamlanmazdan öň çykyp giden wekilleriň ýerine geçiriljek saýlawlar türkmen döwletlilik ýörelgesiniň täze taryhy tapgyrdaky dabaralanmasydyr.

Häzirki wagtda ýurdumyzda bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni guramaçylykly, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçirmek üçin ähli şertler döredildi. 15-nji ýanwardan başlanan saýlaw möwsüminiň çäklerinde amala aşyrylan taýýarlyk işleri milli kanunçylygymyza we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna doly laýyk gelýär. Saýlaw okruglarynyň we uçastoklarynyň araçäkleri baradaky maglumatlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilata ýetirilmegi, şeýle-de saýlaw toparlary üçin ýörite gollanmalaryň neşir edilmegi saýlaw işlerine gatnaşyjylaryň hukuk medeniýetiniň artdyrylmagyna uly goşant boldy. Bu gezekki saýlawlaryň aýratynlygy onuň giň bäsdeşlik esasynda geçiriljekdigidir. Bellige alnan 759 sany dalaşgäriň hatarynda syýasy partiýalaryň üçüsiniň — Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Agrar partiýanyň wekilleri bilen bir hatarda, raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenilen raýatlaryň bolmagy syýasy köpdürlüligiň aýdyň subutnamasydyr. Her bir saýlaw okrugy boýunça iki-üç dalaşgäriň bäsleşmegi halkymyza özleriniň mynasyp wekillerini erkin saýlamaga giň mümkinçilik berýär. Şeýle-de, milli synçylaryň ýaryndan gowragynyň zenanlardan we ýaşlardan ybarat bolmagy jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň döwlet dolandyryşyna işjeň gatnaşýandygyny görkezýär.

Häzirki wagtda ähli dalaşgärlere deň şertlerde wagyz işlerini geçirmek, saýlawçylar bilen duşuşyp, öz maksatnamalaryny tanyşdyrmak üçin doly hukuk kepillikleri üpjün edildi. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygarynyň durmuşdaky amaly beýanydyr. Mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek saýlawlar asuda we parahat ýurdumyzda demokratiýanyň barha pugtalanýandygynyň, halkymyzyň agzybirlikde röwşen geljege tarap ynamly gadam urýandygynyň nobatdaky dabaralanmasy bolar.

Begenç GELDIMUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa
gullugynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok