Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagyndaky Diller Dünýäsi dil merkezinde «EKSPORT — Global bazara ýol » atly seminar geçirildi. Çäräniň esasy maksady ýerli öndürijileriň we işewürleriň halkara bazarlara çykmak mümkinçilikleri baradaky düşünjelerini giňeltmekden ybarat boldy.
Duşuşyga Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagyndaky Diller Dünýäsi dil merkezi, TMÝG-niň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça merkezi hem-de TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanynda “Ýaş telekeçiler” merkezi bilelikde gurady.
Gatnaşyjylar hem bu tejribe alyşma çäresinde zähmet bazarynda üstünlik gazanmak üçin zerur başarnyklary öwrenmek mümkinçiligine eýe boldular.
Çäräniň dowamynda çykyş eden hünärmen Azat Annadurdyýew eksportyň mazmuny, ony ýola goýmagyň ilkinji ädimleri hem-de bu ugurda bar bolan mümkinçilikler barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de ol daşary ýurt bazarlaryna çykmak üçin zerur bolan taýýarlyk işleri, bazar seljermesi we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ähmiýeti barada amaly maslahatlary paýlaşdy.

Başlangyç we orta derejeli diňleýjiler üçin niýetlenen çäre gatnaşyjylara eksport işiniň esaslaryny düşnükli görnüşde özleşdirmäge, şeýle hem geljekde öz önümlerini halkara bazarlara çykarmak ugrunda anyk düşünje almaga ýardam berdi. Şeýle çäreleriň geçirilmegi ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmäge we milli önümleriň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga möhüm goşant goşýar.
Teswirler