Aşgabat — Daşoguz ýoly halkara standartlaryna laýyklykda täzelener

Häzirki wagtda Türkmenistanda ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyz Aşgabady demirgazyk welaýatymyz bilen baglanyşdyrýan Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we bu ugurda täze köprini gurmak göz öňünde tutulýar. Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow bu möhüm taslama boýunça halkara bäsleşigini geçirmek baradaky teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Bu taslamanyň amala aşyrylmagy diňe bir ýolagçy gatnawlaryny däl, eýsem, ýurdumyzyň üstaşyr geçirmek ukybyny hem täze basgançaga çykarar. Halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen bu başlangyç, ýük awtoulaglarynyň we üstaşyr geçýän kerwenleriň hereketini has-da ýeňilleşdirer.

Türkmenistanyň Prezidenti bu ýoluň ýurdumyzyň iň esasy ýollarynyň biridigini belläp, hödürlenen teklibi makullady we degişli işleri gysga wagtda durmuşa geçirmegi tabşyrdy. Täze guruljak köpri we döwrebaplaşdyryljak ýol Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny we logistika mümkinçiliklerini dünýä äşgär edýän nobatdaky iri gurluşyk bolar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok