Türkmen okuwçylary halkara bäsleşikde üstünlik gazandy

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyz uly üstünlikler bilen öňe barýar. Halkara giňişliginde gazanylýan ýeňişler, ýetilýän belent sepgitler ýylyň şygarynyň many-mazmunynyň hakyky durmuşda öz beýanyny tapýandygyny görkezýär.

TDH-nyň habar bermegine görä, 2026-njy ýylyň 14–16-njy fewraly aralygynda Dubaý şäherinde geçirilen «IWISE Global Final 2026» halkara bäsleşiginde türkmen mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandy. Dünýäniň 400-den gowrak zehinli ýaşlarynyň gatnaşan ýaryşynda ýurdumyzyň toparlary jemi 12 medal — 2 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç baýraga mynasyp boldular.

Aşgabat şäherindäki 7-nji orta mekdebiň okuwçysy Selim Begmyradow hem-de ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçysy Abdyljelil Patyşagulyýew «Line Follower» ugry boýunça altyn medallary eýeläp, «Iň gowy topar» diýlip yglan edildi. Şeýle hem beýleki okuwçylar dürli ugurlar boýunça ýokary netijeleri görkezerek baýrakly orunlary gazandylar. Eminleriň ýörite baýragynyň hem türkmen okuwçysyna gowşurylmagy aýratyn buýsanç döredýär.

Bu üstünlikler ýurdumyzda ýaş nesliň ylym-bilime, innowasion tehnologiýalara we sanly ösüşe bolan gyzyklanmasynyň barha artýandygyny görkezýär. Döredilýän giň mümkinçilikler we döwrebap bilim şertleri türkmen ýaşlarynyň halkara derejede üstünlik gazanmagyna berk binýat bolup hyzmat edýär. Şeýle ýeňişler Garaşsyz Watanymyzyň geljeginiň ygtybarly ellerdedigini aýdyň tassyklaýar.

Sähra MUHAMMEDRÜSTEMOWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň IV ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok