Hojambaz etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, şeýle hem etrabyň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!
Hojambaz etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda Hojambaz etrabynyň Galkynyş geňeşliginiň Ýolbaşçy oba medeniýet öýünde sagat 10:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresiniň geçirilýändigini habar berýär.
Kärhanalaryň,guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris!
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Hojambaz etrabynyň Galkynyş geňeşliginiň S.A.Nyýazow köçesiniň 14-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgimiz: (800442) 2-07-87; faks: 2-07-87.
Teswirler