Iş gözleýänleriň dykgatyna!

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi bilen bilelikde 2026-nji ýylyň 04-nji fewralynda  S.Türkmenbaşy şaýolynyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara-binasynda, ýagny sagat 09.00-dan-12.00-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!

Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeli;

Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 22-74-07, 39-34-56

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok