TOHU-da «Eneleriň göreldesi — zenanlaryň ýörelgesi» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 13-nji ýanwarynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ilkinji zenanlar guramasynyň guramagynda «Eneleriň göreldesi — zenanlaryň ýörelgesi» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çärä gatnaşyjylar talyp gelin-gyzlaryň arasynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler, milli däp-dessurlar, ýol-ýörelgeler, edep-terbiýe kadalary hem-de sagdyn we ruhubelent durmuş ýörelgeleri barada giňişleýin çykyş etdiler.

Duşuşygyň dowamynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygarynyň many-mazmuny, şeýle hem döwlet ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlary aýratyn nygtaldy.

Eneleriň göreldesiniň zenanlaryň ýörelgesi bolmalydygyna bagyşlanan bu çärede Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde öňe sürülýän pikir-garaýyşlar, maşgala mukaddesliginiň many-mazmuny wagyz edildi. Şeýle hem zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuny has-da berkitmek, olaryň abadan durmuşda ýaşamagy hem-de döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda alnyp barylýan işler buýsanç bilen bellenildi.

Duşuşykda türkmen zenanlarynyň milli maşgala gymmatlyklaryny berkitmekde, däp-dessurlarymyzy dowam etdirmekde we ýaş nesli terbiýelemekde alyp barýan ähmiýetli işleri aýratyn nygtaldy. Türkmen zenany baradaky «Gyz edebi — il edebi», «Gyzly öý — gyzyldan halka», «Gyzly öý — soltanly öý», «Gyzly öýe kyrk at baglanar», «Gyzly öýe  rehnet ýagar» ýaly nakyllardyr atalar sözlerinden gelin-gyzlarymyza, mährem enelerimize näderejede hormat-sarpa goýulýandygy äşgärdir. Taryhda yz galdyran beýik şahsyýetleriň içinde hem zenanlaryň bolmagy, olaryň görkezen nusgalyk ýoly ýaşlar üçin  görelde mekdebidir.

Wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşyjylar zenanlarymyza aýratyn sarpa goýýan, döwlet ýaşlar syýasatyny ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Mahym HOJAMUHAMMEDOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek
hünäriniň 4-nji ýl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok