Täze ýylyň şygary türkmen halkynyň Garaşsyzlyk we Bitaraplykdaky örän gymmatly derejesini, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerini we milli mirasymyz bolan türkmen bedewiniň ajaýyplyklaryny özünde jemleýär. Bu şygaryň manysy, halkymyzda uly hoşallyk we buýsanç duýgularyny döredip, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly, at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi bilen dabaralandy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Munyň şanyna, Lebap welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda «Ýyllaryň şygary – kalbyň mukamy, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata welaýatyň edara kärhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, halk maslahatlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşuly nesliň, talyp ýaşlaryň we medeniýet işgärleriniň gatnaşmagy bilen, giň gerimli çuňňur mazmunly çykyşlar boldy. Bu çykyşlar Arkadagymyzyň we Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň baýramçylyk bilen dabaralanmagyna öwrüldi.
Dabaranyň dowamynda 2026-njy ýylyň şygary, Türkmenistanyň taryhynyň öňdebaryjy bölegi hökmünde, ähli taryhy, syýasy we jemgyýetçilik ýörelgelerimiz bilen sazlaşykly, täze ýyl üçin ýokary ruhubelentlige beslenip geçiriljek Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk toýy barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle hem, ýurduň gazanýan zähmet üstünlikleriniň nygtalyşy barada aýdyldy.
Maslahatyň dowamynda welaýatyň sungat işgärleriniň taýýarlaýan aýdym-sazly çykyşlary hem-de watançylyk duýgulary bilen dabaranyň ahyrynda, gatnaşyjylar tarapyndan hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi.
Maslahatdan soňra, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen kitaphananyň işgärleri tarapyndan «Watan – dillerimiziň baky senasy» atly muzeý we kitap sergisi açyldy. Bu sergi, täze ýylyň şygary bilen baglanyşykly, welaýatyň bagşy-sazandalarynyň belent heňdäki aýdymlary bilen utgaşdy. Muzeýde milli mirasymyz we ahalteke bedewleriniň gymmatlyklaryny görkezýän sergi bolup geçdi.
Lälezar ÖWLÝAGULYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy hünariniň
2-nji ýyl talyby.
Teswirler