“Ak şäherim Aşgabat” atly halkara sergi geçiriler!

Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 24–25-nji maýynda “Ak şäherim Aşgabat” atly halkara sergi geçiriler. Serginiň çäginde Türkmenistanda öndürilýän we importyň ornuny tutýan gurluşyk serişdeleri, azyk senagatyň önümleri, mebeller hem-de ilatyň sarp edýän azyk harytlary görkeziler. Sergi gurluşyk serişdelerden, mebel önümlerden başlap, azyk we gündelik sarp edilýän harytlara çenli giň ugurlary öz içine alar. 

Çärä ýurduň hususy pudagynyň wekilleri we şol sanda oba hojalygy, senagat hem-de gurluşyk ulgamlarynyň wekilleri gatnaşarlar. 

Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde geçiriler. Çäräni gurnaýjysy hokmünde Aşgabat şäher häkimligi çykyş edýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok