Aşgabat ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 4-nji dekabrynda ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamyny ösdürmekde gazanan ýokary netijeleri, ähli ýaşdaky raýatlaryň ömrüniň dowamynda okamagy hem-de bilimleri özleşdirmegi üçin zerur şertleri döreden Aşgabat şäheri dünýäniň 46 ýurdunyň 72 şäheriniň hatarynda ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi. Bu çözgüt Türkmenistanyň paýtagtynyň ylym-bilimi ösdürmekde, ähli ýaşdaky raýatlaryň ömrüniň tutuş dowamynda okamagy babatda zerur şertleri döretmekde gazanan ýokary netijeleriniň ykrarnamasy boldy.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, 2013-nji ýylda döredilip, häzirki wagtda tutuş dünýä boýunça şäherleriň 425-sini özünde jemleýän bu bütindünýä tory täze agza şäherleriň ähli ýaşdaky adamlaryň bilimleri özleşdirmekleri üçin ýerli derejede degişli işleri durmuşa geçirmek ugrunda görkezýän tagallalaryna we ygrarlylygyna ýokary baha berýär. Oňa täze agzalaryň kabul edilmegi bilen, öwreniji şäherleriň sany 91 ýurtdan 425 şähere çenli artdy. Bu şäherler takmynan 500 million adamyň üznüksiz bilim almagy üçin zerur şertleri üpjün edýärler. Aşgabat şäheri Porto-Nowo, Kair, Ankara, Lissabon, Er-Riýad, Hanoý, Buenos-Aýres ýaly şäherler bilen birlikde, şu ýyl bu tora kabul edilen 11 paýtagt şäheriň hataryna girdi. ÝUNESKO şu ýyl bu tora 12 ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň, ilkinji gezek kabul edilendigini habar berdi.

ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleri işjeň ösýän bileleşikler bolup durýar. Olarda okatmak işi mekdeplerde, iş ýerlerinde, kitaphanalarda, muzeýlerde we jemgyýetçilik giňişliklerinde gündelik durmuş ulgamyna girizilendir. Bu şäherler ähli ýaşdaky raýatlara zähmet bazarynda üýtgäp durýan şertlere uýgunlaşmaga, öz sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýär, telekeçiligiň ösmegine goldaw berýär, emeli aňyň ösýän döwründe işlemek üçin başarnyklary ösdürýär hem-de durnukly ösüşe goşant goşýarlar.

Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna kabul edilmegi Türkmenistanda adam mümkinçiliklerini ösdürmäge, bilimleri we innowasiýalary özleşdirmäge gönükdirilen jemgyýetiň kemala getirilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Begli ÇÖRLIÝEW,

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň
4-nji orta mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok