Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy bellenilip geçilýän 2025-nji ýyl halkymyzyň taryhynda aýratyn ähmiýetli döwürdir. Bu şanly sene ýurdumyzda parahatçylyk, ynanyşmak we durnukly ösüş ýörelgeleriniň berk orun eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Halkymyzyň gadymy pähim-paýhasa, hoşniýetlilige, goňşy bilen aragatnaşykly ýaşaýyş medeniýetine esaslanýan Bitaraplyk syýasaty ýurdumyzyň halkara giňişligindäki ornuny has-da pugtalandyrdy. Türkmenistan Garaşsyzlygyny alan gününden başlap Bitaraplygy milli ösüş ýolunyň, döwlet syýasatynyň möhüm ugrunyň biri hökmünde saýlady. 1995-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmegi ýurdumyzyň halkara derejesindäki uly üstünlikleriniň biri hökmünde taryha girdi.
Soňra hem, halkara jemgyýetçiligi ýurdumyzy goldap, bu ýörelgäniň dünýä parahatçylygyna hyzmat edýändigini ykrar etdi. 2015-nji ýylda BMG-niň ähli ýurtlarynyň biragyzdan goldamagynda Bitaraplygyň täzeden tassyklanylmagy Türkmenistanyň dünýäde ynama we abraýa eýedigini ýene bir gezek görkezdi. Şeýle-de, 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan edilmegi bu ýörelgäniň umumadamzat gymmatlygyna öwrülendigini alamatlandyrdy.
2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygyny üçünji gezek tassyklaýjy Kararnamany kabul etmegi hem ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň halkara derejede giň goldawa eýedigini görkezýän taryhy waka boldy.
Bitaraplyk halkymyzyň ruhy-ahlak ýörelgeleri bilen sazlaşyp, ösüşiň we parahatçylygyň ýolunda ynamly öňe gitmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça — ykdysadyýetde, ylymda, medeniýetde we diplomatiýada — halkara hyzmatdaşlygynyň giňelmegi hem şol ýoluň dowamydyr.
2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ýurdumyzdaky we halkara derejesindäki dabaralar Bitaraplygyň umumadamzat ähmiýetini has-da artdyrmaga, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdiriler.
Hemişelik Bitarap Watanymyzyň beýik işlerinde üstünlikleriň dowamyny arzuw edip, ýurdumyzdaky buýsançly ýyllaryň mukaddes many-mazmunynyň nesiller üçin ýol görkeziji bolup galmagyny dileýäris.
Ogulsuraý SEÝIDOWA,
Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.
Teswirler