Aşgabat şäheriniň döwlet ätiýaçlandyryş guramasy, auditorlary we auditorçylyk guramalaryny auditoryň hünär jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş görnüşiniň hyzmatyndan peýdalanmaga çagyrýar.
Ätiýaçlandyryş şertnamasy siziň ýazmaça ýazan arzaňyzyň ýa-da elektron görnüşinde ýüztutmaňyzyň esasynda baglaşylýar.
Ätiýaçlandyrýanyň auditorçylyk işiniň amala aşyrylmagy netijesinde audit geçirilýän subýektlere ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin ýüze çykýan hünär jogapkärçiligi ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.
Auditorçylyk işini amala aşyrmagyň netijesinde, audit geçirilýän subýektlere tötänleýin ýetirilen zyýan ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar.
Ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän möhletinde meýilleşdirilýän auditor işleriniň möçberi ýa-da ätiýaçlandyrýan bilen ätiýaçlandyryjynyň ylalaşygy esasynda bellenilýär.
Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi ätiýaçlandyryş pul möçberine, ätiýaçlandyryş töwekgelçiliginiň görnüşiniň ätiýaçlandyryş nyrh möçberine we ätiýaçlandyryşyň möhletine bagly bolup durýar.
Ätiýaçlandyryş gatançlaryny tölemek hasaplaşygyň nagt ýa-da nagt däl görnüşde geçirilýär.
Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan degişli resminamalar alnandan soň, ýedi iş gününiň dowamynda tölenýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
Aşgabat şäheriniň döwlet ätiýaçlandyryş guramasy — 48-47-21, 48-47-25.
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap döwlet ätiýaçlandyryş guramasy — 34-99-82.
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap döwlet ätiýaçlandyryş guramasy — 35-07-27.
Internet sahypasy www.insurance.gov.tm
Aşgabat şäheriniň döwlet ätiýaçlandyryş guramasy.
Teswirler