Dünýäniň ygtybarly geljeginiň esasy sütüni parahatçylykdyr. Parahatçylygyň berk binýadyny bolsa halklaryň we döwletleriň hoşniýetli gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ynsanperwer ýörelgeleri döredýär. Hut şu ýörelgeler Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we halkara abraýynyň özenini düzýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň merkezinde bolsa ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi durýar.
Ata-babalarymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan agzybirlik, parahatçylyk we doganlyk ýörelgeleri, Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasdan doly döredijiligi häzirki döwürde türkmen Bitaraplygynyň ruhy we many taýdan berk binýatlaryny emele getirýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi dünýä bileleşiginiň ýurdumyza bildirýän uly ynamynyň we hormatynyň beýanydyr. Şeýle hem Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň hormatyna 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi döwletimiziň parahatçylyk ýolunda tutanýerli syýasatynyň halkara derejesindäki ýokary bahasydyr.
Aslynda, Bitaraplyk syýasatyny goldamak — tutuş adamzat bähbidine hyzmat etmekdir. Her halkyň dili, däp-dessury özboluşly bolsa-da, olaryň ösüş, parahat ýaşaýyş baradaky maksady birdir. Şonuň üçin hem dünýä dillerini öwrenmek dünýäniň dürli halklarynyň ruhy dünýäsine aralaşmagyň, medeni köprüleri gurmagyň iň täsirli ýoludyr.
Ýurdumyzda daşary ýurt dillerine aýratyn üns berilmegi, olaryň öwredilmeginiň çagalar bagyndan, mekdepden, ýokary okuw jaýyndan alnyp barylmagy ýaş nesliň düşünje giňişligini giňeldýär. Institutlarda dünýä dilleriniň, edebiýatynyň we halklaryň milli aýratynlyklarynyň çuňňur öwredilmegi hem ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgesiniň dünýä giňişliginde has giňden tanalmagyna ýardam edýär.
Bir söz bilen aýdanyňda, diller dünýä ýol açýar, ýollar bolsa halklary birleşdirýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk ugry parahatçylyga, medeni gatnaşyklara, ynanyşmaga we umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen ýürekden çykýan sahawatly ýol bolup durýar.
Goý, dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň nyşanyna öwrülen türkmen Bitaraplygy hemişe dowamat-dowam bolsun!
Äşe ÇARYÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.
Teswirler