Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde sişenbe güni täze Bagtly zamana obasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşigi habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu çäre bilen bagly iberen gutlag hatynda, täze ýaşaýyş nokatlarynyň gurlup ulanmaga berilmegi ýurtda durmuşa geçirilýän giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy, sebitlerde döwrebap durmuş we ykdysady infrastrukturanyň döredilmegi, ylmy-tehniki ösüşiň üstünlikleriniň hem-de innowasiýalaryň ähli ugurlara ornaşdyrylmagy ýurduň ykdysady kuwwatynyň we sazlaşykly ösüşini görkezýändigi bellenilýär.
“Bagtly zamana” obasynda 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, 640 orunlyk orta mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, döwrebap söwda merkezi we geňeşligiň edara binasy gurlup, häzirki zaman tehniki enjamlar bilen üpjün edildi. Bu desgalar ýaşaýjylara ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny bermäge niýetlenendir.
Täze oba diňe bir ýaşaýyş üçin amatly şertleri döretmek bilen çäklenmän, eýsem sebitde durmuş we medeni ösüşiň giňeldilmegine hem uly itergi berer. Obanyň gurluşygy we onuň toplumlaýyn häsiýeti Türkmenistanda guruljak geljekki ýaşaýyş nokatlary üçin nusga bolup hyzmat eder.
Teswirler