Indi sürüjilik okuwlaryna e.gov.tm arkaly ýazylyp bolýar!

Türkmenistanda raýatlar awtoulag sürüjilik okuwlaryna e.gov.tm döwlet hyzmatlarynyň portaly arkaly ýazylyp bilerler.

Bu hyzmat «Awtomobil mekdepleriniň birleşigi» bölüminde elýeterli bolup, islendik toparçany (B, BC, C, D ýa-da E) saýlamaga, arza doldurmaga we «Altyn Asyr» bank karty arkaly okuw üçin tölegi onlaýn ýagdaýda amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýazylmak üçin zerur resminamalaryň standart toplumyny hödürlenmeli: pasport nusgasy, lukmançylyk kepilnamasy we suratlar. Ähli resminamalary elektron görnüşde ýüklemek mümkin, bu bolsa resmileşdiriş işlerini has aňsatlaşdyrýar.

Giňişleýin maglumat we arza tabşyrmak üçin: e.gov.tm/service/awtomekdep

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok