Şu ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bu çäre ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm ähmiýetli waka öwrüler. Çünki öňdäki umumymilli forum mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň uludan toý ediljek şanly ýylynda geçirilýär.
Halk Maslahaty halkyň bähbidini öňe sürýän, demokratik ýörelgeleri pugtalandyrýan hem-de döwletimiziň hukuk esaslaryny has-da berkitmäge gönükdirilen ýokary wekilçilikli edaralaryň biridir.
Bosagada duran mejlisde hem kabul ediljek täze başlangyçlar, syýasy hem-de ykdysady özgertmeleriň kanunçylyk taýdan berk esasda alnyp barylmagyny üpjün eder. Munuň özi Garaşsyz ýurdumyzyň demokratik ösüş ýolunda öňe gitmegine, her bir raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ygtybarly goralmagyna hyzmat eder.
Türkmenistanda kabul edilen maksatnamalary ýerine ýetirmäge halk köpçüligini giňden çekmekde, teklipleri işläp taýýarlamakda, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmekde hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam bermekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm orny bar.
Teswirler