Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi 2025-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli Sarahs etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Çäre Sarahs etrabynyň Sarahs şäheriniň S.A.Nyýazow köçesiniň 41-nji jaý salgysynda ýerleşýän edara binasynda geçirilýär. Çärede Sarahs etrabynyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalaryň, guramalaryň, firmalaryň, kompaniýalaryň özlerinde eýelenmedik bar bolan boş iş orunlarynyň hödürleniljekdigini mälim edýäris we işe girmek isleýän raýatlary geçiriljek çärä çagyrýarys.
Işe girmek isleýän raýatlar ýany bilen pasportyny we zähmet depderçesini alyp gelmeli.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (800134) 21-2-60.
Teswirler