Azerbaýjanyň Milli güni geçiriler

4–8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG tarapyndan geçirilýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça III Maslahatyň çäklerinde Azerbaýjanyň Milli güni geçiriler.

Bu çäräniň maksady Azerbaýjanyň medeni mirasy, sungatynyň baý däpleri we häzirki zaman döredijilik mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmakdyr. Azerbaýjanyň wekiliýetine ýurduň Medeniýet ministri Adil Kerimli ýolbaşçylyk edýär. Toparda bu ýurduň tanymal medeniýet hem sungat işgärleri hem bar.

Azerbaýjanyň pawilýonynda milli el işleriniň senetçiligi, halyçylyk, şebeke sungaty, däp bolan milli egin-eşikler we kelagailer görkeziler. Myhmanlar üçin ussatlyk sapaklary geçiriler we milli tagamlar bilen tanyşdyrmak çäreleri guralar.

Çäräniň maksatnamasy 5-nji awgustda halkara maslahatyň açylyşyna bagyşlanan halkara gala-konserti bilen başlanar, 6-njy awgustda Azerbaýjanyň Milli gününe bagyşlanan ýurduň tanymal artistleriniň gatnaşmagynda dabaraly baýramçylyk çäresi geçiriler, 8-nji awgustda çäre jemleýji konsert bilen tamamlanar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok