Parlament forumy geçirildi

Şu gün — 4-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy geçirildi. Bu çäre kanun çykaryjy düzümleriň derejesinde häzirki döwrüň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda we olaryň oňyn çözgütlerini gözlemekde uly ähmiýete eýedir.

Forumyň esasy maksady Awaza hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine parlamentleriň işjeň gatnaşygyny höweslendirmekden, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekden, milli hem-de sebit derejelerinde netijeli syýasy tagallalary utgaşdyrmakdan, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň parlamentleriniň jemleýji resminamanyň ileri tutulýan ugurlaryny özleriniň esasy wezipelerine köptaraplaýyn derejede girizmek üçin amala aşyryp biljek anyk hereketlerini kesgitlemekden we maslahatlary bermekden ybaratdyr.

Ýokary derejede geçen çäräniň «Ugry kesgitlemek: Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Awaza hereketleriň maksatnamasyny ilerletmek» atly plenar mejlisine BMG-niň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary, dürli ýurtlardan parlament ýolbaşçylarydyr wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri çykyş etdi.

Ýeri gelende belläp geçsek, forum Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň hyzmatdaşlygy üçin amatly şertleri döretmekde parlamentleriň öňünde durýan wezipeleri aýdyňlaşdyrmaga ýardam eder.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok