4000-den gowrak adam Türkmenistanyň üsti bilen Watanyna dolandy

Türkmenistan halkara ynsanperwer hyzmatdaşlykda ynamdar hyzmatdaşdygyny görkezýär

Ýakyn Gündogarda dowam edýän harby wehimli ýagdaýlaryň fonunda, Türkmenistan halkara ynsanperwerlik hyzmatdaşlygynyň işjeň we ynamdar gatnaşyjysy hökmünde çykyş edýär. Ýurduň üstaşyr geçelgeleri arkaly Eýran bilen serhetden daşary ýurt raýatlarynyň howpsuz ýagdaýda geçmegi üpjün edilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beren maglumatyna görä, şu wagta çenli 52 döwlet öz raýatlarynyň Watanyna gaýtmagyna kömek edilmegi üçin Türkmenistana ýüz tutupdyr. Bu utgaşdyrylan ynsanperwer çäreleriň netijesinde, takmynan 4000 raýat öz ýurduna dolanyp ugradyldy.

Bu çäreler Türkmenistanda işleýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň goldamagynda we utgaşdyrylan ýagdaýda gysga wagtda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň ýüzlenmelere çalt we netijeli jogap bermegi hem-de sebitde durnuklylygyň saklanylmagyna goşant goşmagy ýurduň oňyn bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlydygyny we möhüm ynsanperwer kömek kanaly hökmünde çykyş etmäge taýýardygyny görkezýär.

Çeşme: orient.tm

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok