Ahlak kadalary adamynyň özüni alyp barşyny, jemgyýet bilen gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. Ahlak terbiýesi – edep-terbiýäni, päk ahlaklylygy, jemgyýete peýdaly häsiýetleri kemala getirmekdir. Edep-terbiýeli adam jemgyýetde ýokary abraýa eýe bolýar.
Ahlak terbiýesi ýaşlaryň saýlan hünäri, jemgyýetdäki orny bilen baglydyr. Döwrebap jemgyýetde päk ahlakly, giň dünýägaraýyşly nesilleri ýetişdirmek esasy wezipedir. Döwlet gullugy akademiýasynda hem ahlak gymmatlyklaryna uly üns berilýär.
Türkmen halkynyň asyrlardan gelýän däp-dessurlary ahlak terbiýesiniň özenidir. Halallyk, edeplilik, adamkärçilik ýaş nesliň kämilleşmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ahlak gymmatlyklarynyň baý çeşmesidir. Ol ahlagy diňe jemgyýete däl, eýsem, tutuş barlyga degişlidir.
Kynçylyklara garşy sabyrlylyk, tutanýerlilik we umyt ýaly ýörelgeler Gündogar pelsepesiniň esasy ýörelgelerindendir. Magtymguly bu pikirleri şygyrlarynda beýan edipdir. Ahlakly adam jemgyýetde ösüşe, durnuklylyga hyzmat edýär.
Ýaşlara ahlak terbiýesini bermek maşgalanyň we bilim edaralarynyň esasy borjudyr. Ahlakly jemgyýet ýurduň ösüşiniň berk binýadydyr. Ahlak we hukuk kadalary biri-biri bilen berk bagly bolup, milli kanunçylykda beýanyny tapýar.
“Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” we “Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda” Türkmenistanyň kanunlary ýaşlaryň we döwlet gullukçylarynyň ahlak keşbini kemala getirmäge gönükdirilendir.
Döwlete gulluk etmek her bir raýatyň belent bagty we borjy bolup durýar. Siziň her biriňizde döwletimize, halkymyza gulluk etmekde ajaýyp işleri durmuşa geçirmekde üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýärin.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, halkymyz üçin, umumadamzat üçin alyp barýan öňdengörüjilikli ynsanperwer, asylly işlerinde diňe rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýärin!
Annajemal SOLTANMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiýasynyň
“Döwlet dolandyryş” magistrlik okuw ugrynyň
ikinji ýyl talyby.
Teswirler