«Bagtyýarlyk döwrüniň halk teatrlary» atly bäsleşik

Türkmenistanyň halk teatrlarynyň arasynda sahna eserlerini ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady, ýurdumyzyň halk teatrlarynyň döredijilik işini has-da kämilleşdirmekden we olarda sahnalaşdyrylýan oýunlaryň türkmen halkynyň milli ruhuna mahsus kämil, döwrebap döredilmegini gazanmakdan, şeýle hem döredijilik işgärlerini höweslendirmekden we ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan, ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlup ulanylmaga berlen medeniýet öýlerinde zähmet çekýän medeniýet işgärleriniň, halk teatrlarynyň höwesjeň artistleriniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe guralýan medeni çärelerde, milli baýramçylyklarda ýerine ýetirýän çykyşlarynyň täsirliligini, many-mazmunyny artdyrmakdan ybaratdyr.

Bäsleşige halk teatrlary, halk gurjak teatrlary, drama toparlary, teatr studiýalary gatnaşyp bilerler. Bäsleşige hormatly Prezidentimiziň çuňňur pähimpaýhasa ýugrulan eserleri esasynda türkmen halkynyň beýik gahrymançylygyna bagyşlanan, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünlikleri wasp edýän, şeýle-de milli medeniýetimizi, taryhymyzy, däp-dessurlarymyzy wasp edýän sahna oýunlary hödürlenilip bilner. Bäsleşigiň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok