Üns beriň, bäsleşik!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda gol çeken «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli halkara maslahatyny, dabaralary we çäreleri geçirmek hakynda» Kararyna laýyklykda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasy» tassyklandy. Meýilnamada göz öňünde tutulan medeni çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi aşakdaky festiwallary, bäsleşikleri yglan edýär.

«Parahatlyk dünýäsi» atly wokal we hor sungatynyň festiwal-bäsleşigi
«Parahatlyk ýolumyz» atly tans festiwaly
«Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly türkmen nusgawy saz sungatynyň festiwaly
«Bagtyýarlyk döwrüniň halk teatrlary» atly bäsleşik
«Şahandazlar» atly bäsleşik

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok