Türkmen ýaşlary Russiýanyň hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň wekilleri bilen bilelikde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli “Hakyda otlusy” atly taslamasyna gatnaşarlar. Bu barada RF-iň Federasiýa geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Inna Swýatenko Arkadag şäherinde geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly Halkara maslahatyndaky eden çykyşynda aýtdy.
Taslama ýeňijileriň nesilleri bolan ýokary synp okuwçylaryň 200-i gatnaşar. Gatnaşyjylar hakyda ýerlerine we ýadygärliklere baryp bilerler. Bu bolsa olara taryha hem-de Ýeňşiň ähmiýetine has gowy düşünmäge mümkinçilik berer.
Ýeri gelende belläp geçsek, “Hakyda otlusy” atly taslama, däp boýunça, 22-nji iýunda Brestden badalga alýar. Taslama ilkinji gezek 2022-nji ýylda geçirildi, şol wagtdan bäri hem medeni hyzmatdaşlygyň we ýaşlary terbiýelemegiň möhüm bölegi bolup durýar.
Teswirler