Watanymyzyň abraýyny ýene-de bir gezek beýgelden waka

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýetini, sungatyny, maddy we ruhy gymmatlyklaryny giňden dünýä ýaýmakda alym Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz birnäçe tagallalar edýär. Geçirilýän sergiler, ylmy-amaly maslahatlar, okuw maslahatlary, dürli ugurlar boýunça tejribe alyşmak halklaryň arasynda birek – birege bolan dostlugy, agzybirligi jebisleşdirýär. Sungatymyzy giňden dünýä ýüzüne ýaýyp, milli gymmatlyklarymyzy tanatmak döwletimiziň at-abraýy beýleki döwletleriň arasynda has hem ýokarlanýar.

Ýaňy-ýakynda Monte Karlonyň ýörite sirk çadyrynda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda döwletimiziň ussat sirk işgärleri çykyş etmek bilen, Türkmenistan Watanymyzyň abraýyny goldadylar. Bu festiwalda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary baş baýrak – altyn baýraga mynasyp boldy. Gerçek we goç türkmen ýigitlerimiz at üstündäki oýunlary ýokary derejede görkezmek bilen tomaşaçylary, eminleri we beýleki döwletleriň sirk toparlaryny haýrana goýmak bilen, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň beýikligini açyp görkezdiler. Merkezi Aziýanyň buýsançly ilçileri hökmünde Türkmenistanyň Ýaşyl Tuguny belentde parlatdylar. Bu festiwalda watanymyzyň sirk ussatlary altyn baýrakdan başga-da birnäçe ýörite baýraklara mynasyp boldular. Şeýle uly sirk ýaryşlarynda Türkmenistanyň sirk ussatlarynyň çagyrylmagy we ýokary baýraklara mynasyp bolmagy sirk sungatynyň ösdürilmegine goşulýan mynasyp goşantdyr.

Bu ýeňiş “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ilkinji ýeňşi däl. Bu topar birnäçe bäsleşiklerde baýrakly orunlar bilen çykyş edip gelýär we Watanymyzyň mertebesini, abraýyny has hem beýgeldýär. Bu toparyň edermen ýigitleriniň akrobatika, gimnastika tilsimleri, türkmen bedewlerine erk etmek sungaty tomaşaçylaryň her biriniň kalbyny lerzana getirdi. Bu çykyşlarda çeýelik, batyrgaýlyk, owadanlyk aýratyn görnüş emele getirdi.

Ata Watanymyzda sirk sungatynyň ösdürilmegine we giňden dünýä ýaýylmagyna giň şertlerdir mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Mähek KAKYLOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Agroekologiýa fakultetiniň
Ekologiýa kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok