Golaýda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan, Kerki etrap medeniýet bölüminde Kerki etrabynyň orta mekdeplerinde okaýan 11-nji synp oglan okuwçylaryň arasynda Watan goragyna çäksiz sarpa, egsilmez hormat goýulýandygyny giňden wagyz etmek şeýle hem ýaş oglanlary harby gulluga taýýarlamak maksady bilen «Watan goragy mukaddes borç» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Ýygnakda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni, Oýdin Aşirowa, Togrul beg adyndaky harby bölüminiň harby gullukçysy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Sona Esenmamedowa, Kerki etrabynyň ýaşaýjysy Hajy ene Akgül Hudaýnazarowa, Kerki etrabynyň ýaşulylar geňeşiniň agzasy Nedir Egamberdiýew, Kerki etrabynyň harby wekili Mädemin Gurbanow, Harby deňiz institutynyň mugallymy Begli Akmedow dagylar çykyş etdiler. Çäräniň soňunda ýaş oglanlara Watan goragy we harby gullukçylar barada gysgaça wideorolik görkezildi.
Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.
Teswirler