Nowruz baýramy—türkmen halkynyň gadymy medeni mirasynyň möhüm bölegi bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze öwüşgin bilen baýlaşdy. Bu baýramyň gözbaşlary ekerançylygyň irki döwürlerinden alyp gaýdýar we tebigatyň täzelenmegi bilen baglanyşyklydyr.
Halkara derejesinde ykrar edilen Nowruz baýramy, dürli halklaryň medeni gatnaşyklarynyň berkemegine hyzmat edipdir. Onuň bilen baglanyşykly däpler, edebi eserler we halk oýunlary asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip gelýär. Nusgawy türkmen şahyrlary Nowruzy taryplap, onuň gözelligini eserlerinde beýan edipdirler.
Nowruz saçagy dürli nygmatlar bilen bezelen bolýar. Esasan, Nowruz semenisi, palaw, süýtli aş, dänik, bulamak, noýbaly unaş, mäşewe ýaly tagamlar bu baýramyň özboluşly nyşanydyr. Şeýle-de, Nowruz güni birek-birege hoşniýetlilik we dostluk arşa edilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bu baýram giňden bellenilip, milli mirasymyz ylmy taýdan öwrenilip, dünýä ýüzüne ýaýradylýar. Nowruz baýramy geçmiş bilen geljegi baglanyşdyrýan ruhy-medeni gymmatlyk hökmünde türkmen halkynyň durmuşynda aýratyn orna eýedir.
Gülsenem HANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa
kafedrasynyň müdiri.
Teswirler