Nowruz geldi ülkämize

Türkmen tebigatynyň haýran galdyryjy, başga hiç bir ýerde gaýtalanmajak gözelligi bolan tebigy ýagdaýlaryna ýygy-ýygydan duş gelmek bolýar. Ynha köp ynsanyň garaşyp ýörän pasly bolan bahar hem geldi. Bahar pasly ýada salnanda ilkinji nobatda nowruz baýramy göz öňüne gelýär. Nowruz – baharyň buşlukçysy.

Nowruz – musulman halkynyň täze ýyly, täze güni. Her ýylyň 21-nji martynda külli musulman halklary Nowruz baýramyny uly dabara, şatlyk-şowhun bilen belläp geçýär. Gazanlarda semenileriň gaýnamagy nowruz baýramynyň esasy alamatlarynyň biridir.

Nowruzyň gelmegi bilen diňe bir halkymyz däl, eýsem, türkmen tebigaty hem toý donuny geýýär. Agaçlar pyntyklap, güllemäge başlaýar. Güller açylyp, otlar ýazylyp, gözel görnüş peýda bolýar. Daglardaky ak garlar eräp, şyggyldaşyp, çeşmeler buldur-buldur gaýnaýar. Mör-möjekler we gyş ukusyna giden janly-jandarlar oýanyp, herekede başlaýarlar.

Nowruzyň nyşany bolan sallançaklarda ýaş juwanlar öz arzuwlaryna ýetmek üçin dileg edip uçýarlar. Atlar çapdyrylýar, altyn gabak atdyrylýar. Ýaglyga towusmak we türkmen göreşi ýaly bäsleşikler gurnalýar. Gyzlar hem:

“Nowruz geldi bu gije,
Gyzlar atarlar bije.
Kimiň bijesi çyksa,
Baýragy – horaz, jüýje”

– diýmek bilen nowruzyň gelendiginden habar berýän monjugatdy bilen çykyş edýärler. Ülkämiziň ähli ýerinde toýdur-dabaralar gurnalýar. Men hem ýetip gelýän Nowruz baýramy mynasybetli joşýan kalbymy şu setirlerim bilen beýan edesim gelýär:

Geldi Nowruz ülkämize, tebigata bezeg berip,
Toý toýlaýar türkmen halky däbe-dessura eýerip.
“Nowruz” – diýmek, “now” – diýmekdir, hem “täze gün”, hem “täze ýyl”
Tutuş türkmen halkym, Size Nowruz baýram gutly bolsun!
Saçakdaky näz-nygmatlar, desterhanam doly bolsun!

Asuda asmanyň astynda, rahat Zeminiň üstünde toýlary toýlara, baýramlary baýramlara ulaşdyrýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp minnetdarlyk bildirýäris!

Göwher OTUZOWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň akuşerçilik we ginekologiýa
boýunça diplomdan soňky taýýarlyk
kafedrasynyň assistenti,
lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok