Çaga eziz, edebi ondanam eziz

Türkmen halkymyz gadym döwürlerden bäri çaga terbiýesine uly üns berip gelen halk. Ata-babalarymyzyň “Aýaly başdan, çagany ýaşdan”, “Çaga eziz, edebi ondanam eziz”, “Bal süýji, baldan bala süýji” ýaly dana jümleleri nesillerden nesillere geçip gelipdir. Çagalary öwüt-ündewleriň, türkmen milli oýunlarynyň, türkmen halk döredijiliginiň üsti bilen terbiýelemegiň ähmiýetlidigine düşünipdirler.

Türkmen halkymyz nesil terbiýelemekligi çaga entäk ene garnynda wagtyndan başlapdyr. Çagalary terbiýelemekde olara görüm-görelde bolmak uly ähmiýete eýedir. Çünki ýaňy ösüp barýan ýaş çaga öwredilenini däl-de, görenini öwrenýär. Çagalara ululara salam bermegi, hormat goýmagy, kiçileri söýmegi, janly-jandarlar bilen mylakatly çemeleşmekligi, töwerek-daşy hapalamazlygy, ýaramaz, türkmençilikde gelişmeýän sözler aýtmazlygy ilkinji nobatda ata-ene öwretmelidir. Mekdep ýaşyna ýeten nesilleri terbiýelemeklik ene-atalar bilen bir hatarda mugallymlaryň paýyna düşýär.

Çaga ýaşlygyndan başlap, sabyr kanagatly bolmagy, bar zadynyň gadryna ýetmegi öwredilmelidir.Çagalara aýdylyp berilýän ertekiler, rowaýatlar durmuşyň dürli hili ýagdaýlaryndan söz açmak bilen, olara durmuşda ugurtapyjylygy, işbaşarjaňlygy, gaýduwsyzlygy, dogruçyllygy ündemelidir. Ene-ata çaganyň edýän her bir hereketine, sözleýän sözüne üns bermeli. Tötänlikden ýerine ýetirilen nädogry hereketiň ahyrky netijesiniň gowulyga alyp barmaýandygyny düşündirmeli. Ýaş nesilleriň terbiýesinde olary gurşap alan daşky gurşawyň täsiri uly. Diňleýän aýdymlary, bile tirkeşýän dostlary we joralary, tebigy ýaşaýyş gurşawy, tomaşa edýän telegepleşikleri belli bir derejede ähmiýete eýedir. Ýaşlygynda terbiýe öwredilen çaga uly ýaşa ýetenden soň, özünden ululara hormat goýýar, Watanyny söýýär, daşky tebigy gurşawyny arassa saklaýar, öz sözleýän sözlerine esewan edýär. Terbiýeli çaga ylym-bilimi aňsat öwrenýär, şeýle çagalar köpçülik tarapyndan hem söýülýärler.

Göwher OTUZOWA

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň akuşerçilik we ginekologiýa
boýunça diplomdan soňky taýýarlyk
kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk
ylymlarynyň kandidaty.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok