Milli Bahar baýramy – Halkara Nowruz güni türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde gadymy döwürlerden bäri parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini, ene topraga, ata mekana bolan söýgini, halkymyzyň medeniýetiniň binýadynyň berkdendigini dabaralandyrýar. Merdana pederlerimizden gelýän bu asylly ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” hem has belentde sarpalanýar. Täze taryhy döwürde halkymyzyň ynsanperwer, ruhy-ahlak hem medeni gymmatlyklary Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň özenini düzýär.
Şu günler mähriban halkymyz bahar paslynyň ajaýyp günlerinde Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik bilen garşylaýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, asyrlaryň dowamynda kemala gelen paýhasly, özboluşly däp-dessurlara ygrarlylygy alamatlandyrýan aýdym-sazly baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylýar. Baharyň gelmegi bilen gözel tebigatymyz janlanýar, sahawatly türkmen topragynyň hasyllylygyny, il-günümiziň abadançylygy alamatlandyrýan ruhy joşgun kalplara ornaýar.
BMG-niň ÝUNESKO guramasynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen bu mukaddes baýram medeniýetleriň özara gatnaşygynyň, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň ýer ýüzünde şöhlelenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Diýarymyzda bu baýramyň ýokary derejede bellenilmeginiň özünde-de uly many-mazmun bar. Bu baradaky degişli Kararnama 2010-njy ýylyň fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynda biragyzdan kabul edildi.
Täze galkynyşyň, täzelenişiň baýramy bolan Halkara Nowruz güni halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň kemala gelmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Ol ynsanyň kalbynda hem aňynda ýagşy häsiýetleri, hoşniýetli duýgulary terbiýeleýär, daşky gurşawa, tebigata uly söýgi döredýär. Bu baýramyň taryhy kökleri Gündogaryň meşhur akyldarlarynyň şahyrana eserlerinde giňişleýin beýan edilýär. Müňýyllyklaryň geçendigine garamazdan, bu milli baýram häzirki wagtda hem jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm orny eýeleýär, halklary dost-doganlyga, döredijilikli zähmete, täze-täze üstünliklere, parahatçylyga çagyrýar.
Milli Bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinde badalga alan baýramçylyk çäreleri, sergiler, konsertler raýatlarymyzyň şatlygyna şatlyk goşýar. Onda merdana türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasynyň köpöwüşginliligi, ýokary döredijilik ruhy, päk garaýyşlary öz beýanyny tapýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) görnükli sanawynda orun alan Nowruz baýramy parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we dostlugyň, özara düşünişmegiň jarçysydyr. Bu baýram bahar günlerinde gadymy türkmen topragyny ruhy gymmatlyklaryň nury, asyrlaryň paýhasy bilen şöhlelendirip, ony milli däp-dessurlarymyzyň gözelligi bilen baýlaşdyryp, ajaýyp duýgulary kalba peşgeş berýär.
Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň baharynda Milli Bahar baýramy – Halkara Nowruz gününde ata ýurdumyzyň gülläp ösüşleri, ýetýän belent sepgitleri täzelenişiň hem galkynyşyň, dost-doganlygyň owazyna öwrülip, dünýä ýaň salsyn!
Güneş MYRADOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
Roman-german dilleri we edebiýaty
fakultetiniň iňlis dili we edebiýaty
hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler